Näme üçin Oxus?
Adymyzy Merkezi Aziýanyň jümmüşinden geçýän Pamir daglaryndan Aral deňzine akýan Amyderýa derýasyndan alýarys, gadymy döwürde Oxus ady bilen tanalýardy. Taryhy taýdan bu sebitiň özi, Oxusyň aňyrsynda ýerleşýän Aleksandr Makedonskiý tarapyndan meşhurlyk gazanan Transoiksiana (Transoxiana) ady bilen hem tanalýardy. Bu ýer medeniýetleriň duşuşýan, bilim we harytlaryň alyş-çalyş edilýän ýeridir. Biz 21-nji asyrda ýenede şu zatlary gaýtalamaga çalyşýarys.
Merkezi Aziýa diýmek bilen näme diýmek isleýäris?
Merkezi Aziýa diýmek bilen biz Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we Hytaýyň häzirki wagtda Sinszýan (Xinjiang) diýlip atlandyrylýan ýerleri atlandyrýarys. Sinszýan (Xinjiang) taryhy taýdan ýaşaýjylary tarapyndan Gündogar Türküstan diýlip hem atlandyrylýar. Bu alty sebit biziň esasy ünsümiz bolsada, Merkezi Aziýanyň Russiýa we Hytaý ýaly goňşy döwletler bilen, şeýle hem Hindi subkontinentinde we Gündogar Aziýada goňşulary bilen has çuňňur arabaglanyşygyny bilýäris. “Oxus” jemgyýeti, Hindistanyň we Hytaýyň ösmegi bilen ýüze çykýan köp polýar dünýäniň üýtgeýän geosyýasy çäklerinde Merkezi Aziýany hem öz ýerini tutmagyny maksat edinýär, we sebitiň medeniýetine, syýasatyna we taryhyna şu nukdaýnazardan täzeden baha bermäge synanyşýar.
Esasy gymmatlyklarymyz
“Oxus” jemgyýeti ygrarly bolmak bilen:
Köpugurly : Tankytly pikirlenmäni, pikir garaşsyzlygyny we akademiki erkinligi öňe sürýäris.
Öz içine alyjylyk: Dürli derejeli, ýaşdaky we dürlü bilim derejeleri bolan adamlar üçin dürli meselelerde erkin we aç-açan gürleşmek üçin meýdança hödürleýäris.
Deňagramlylyk: Dürli garaýyşlaryň we pikirleriň töwereginde jedel we pikir alyşmak üçin forumlar geçirmäge çalyşýarys.
Deňlik: Biz bilimi bilelikdäki usullar bilen öndürüp pikirleri döretmek bilen meşgullanýanlara doly ynanýarys.
Synagçylyk: Dürli çeşmelerden berk, asyl maglumatlary ýygnalynyp alnan gözlegleri we derňewleri ýaýradýarys.
Biziň çemeleşmämiz:
Özüniň esasy wezipesi we gymmatlyklary arkaly, “Oxus” jemgyýeti Merkezi Aziýanyň meselelerine has gowy düşünmek üçin özboluşly platforma döretdi.
“Oxus” jemgyýeti akademikleriň, journalistleriň, aktiwistleriň, telekeçileriň dürli görnüşlerini we döwlet işgärlerini ýerli we global ähmiýetli hasabat berilmedik ya-da berilmeyän mowzuklara ünsi çekmek üçin birleşdirýär. Oksus jemgyýeti, ösýän Aziýanyň çäginde özüni görkezmek bilen, sebitdäki stereotipik günbatar merkezleriniň garaýyşlaryndan daşlaşýar we täze sesleri öňe sürmäge we hakyky gepleşik gurmaga çalyşýar. Maksatnamalarymyz, dünýäniň dürli künjeginden gatnaşyjylar tarapyndan dolandyrylýar we hiç bir partiýa degişli däldir.
“Oxus” jemgyýeti sebitdäki esasy tendensiýalary görkezýän takyk gözleg hasabatlaryny çap edýär. Stipendiýalarmyz, saýlanan gatnaşyjylara sebitde bilelikdäki gözleg taslamalaryny geçirmäge we Oksus jemgyýetiniň wezipesini öňe sürmäge mümkinçilik berer. Birnäçe möhüm meseleler boýunça asyl maglumat bazalaryny düzmek bilen, “Oxus” jemgyýeti düşünişmegi güýçlendirmegi we sebitde gözlegleriň gün tertibini kesgitlemäge kömek etmegi maksat edinýär. Bu çäreleriň üsti bilen, köp sanly adamyň we edaralaryň arasynda bilim alyş ulgamlaryny güýçlendirýäris.